saglyk
Goole Health - Google-iň täze proýekti
Süýt ýagyňyzy aýyryp güýçli bolmaga kömek ederÝakynda alymlar süýdüň artykmaç ýaglary aýyrmaga kömek edýänligini anykladylar. Şeýlelikde günde 2 käse süýt içseňiz onda siziň artykmaç ýaglaryňyz aýrylar we myşyssalaryňyz gatar. Alymlar anyklanlarynda 56-ty ýaşly erkekleri we 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli erkeklerde anykladylar.
Arzan aýakgaplar şeýlede edäýýärSurat şu ýerde
Öýjügiň umumy gurluşy barada aýdanymda, ýokarda hem agzap geçişim ýaly, janly-jandarlaryň aglaba köpüsiniň öýjükleri iki sany düzüm böleginden – sitoplazmadan we ýadrodan ybarat.
Ähli jandarlaryň ýönekeý gurluş birligi hökmünde öýjüge ýaşaýşa mahsus bolan alamatlaryň esasylary degişlidir, ýagny olar iýmitlenýärler, dem alýarlar, köpelýärler, öz alamatlaryny indiki nesillere geçirýärler, gyjynýarlar, hereket edýärler.
Gelip çykyşynyň we gurluşynyň umumylygyna garamazdan ösümlik we haýwan öýjükleriniň arasynda käbir aýratynlyklarhem bar. Bu aýratynlyklar şu aşakdakylardyr:
1. Ösümlik öýjüginiň plazmatiki membranasynyň daşynda sellýulozadan ybarat gatlak bolýar. Oňa öýjük gabyjagy ýa-da öýjük diwary diýilýär. Öýjük gabyjagy ösümlik öýjügine berklik we çeýelik beerýär, öýjügiň durkunny saklaýar, dürli täsirlerden goraýar.
Ýönekeý jandarlaryň we haýwanlaryň köpüsiniň öýjükleriniň daşyny glikokaliks gatlagy gurşap alýar.
2. Ösümlikleriň öýjüklerinde haýwanlaryňkyda bolmadyk plastidler saklanýar. Plastidler biri-birinden reňki we ýerine ýetirýän wezipesi bilen tapawutlanýar (hloroplastlar – ýaşyl, hromoplastlar – sary-mämişi, gyzyl, leýkoplastlar – reňksiz). Olar arkaly ösümlik öýjüklerinde fotosintez, madda toplanmagy we pigmentleriň sintezi amala aşýar.
3. Wakuollar (latynça wacuus – boş) hem ösümlik öýjügine mahsus bolan düzüm bölekleridir. Olaryň daşy plazmatiki membrana meňzeş tonoplast bilen gurşalandyr.
Sitoplazma (grekçe kytos – öýjük, plazma – resmileşen) barada aýdanymyzda ol öýjügiň dury, ýarym suwuklyk halyndaky, ýagtylyk ulaldyjysynda oňat görünýän bölegidir. Onuň 75-85%-ni suw, 10-12%-ni beloklar we aminokislotalar, 4% -ni uglewodlar, 2-3%-ni ýaglar we lipidler, 1%-ni bolsa organiki organiki däl we beýleki maddalar düzýärler. Sitoplazmanyň daşy hususy barda – plazmatiki membrana bilen gurşalan, içinde bolsa sitoplazmanyň esasy maddasy – gialoplazma (grekçe gialos – aýna we plazma – resmileşen), organoidler we ýadro ýerleşýär.
Gialoplazma öýjügiň ähli organoidlerini baglanyşdyrýar we olaryň özara täsirini üpjün edýär.
Organoidler – öýjügiň hemişelik we wajyp düzüm bölekleridir. Olaryň her biri öýjükde özboluşly wezipäni ýerine ýetirýär. Öýjük organoidlerine öýjügiň membranasy, mitohondriýalar, Goljiniň toplumy, endoplazmatik tor, ribosomalar, plastidler degişli. Öýjükleriň käbir görnüşlerinde ýörite wezipäni ýerine ýetirýän organoidler hem bolýar (miofibriller, kirpikjagazlar we dürli ösüntgiler).
Ýadro – ýokarda hem belläp geçişim ýaly, öýjügiň esasy düzüm bölekleriniň biridir we organoidler bilen birlikde ol hem sitoplazmanyň gialoplazmasynyň içinde ýerleşýär.
Plazmatiki membrana (latynça membrana – gabyjak, germew) ähli öýjüklerde bolýar we öýjügiň üstüni emele getirip, sitoplazmany töwerekdäki gurşawdan çäklendirýär. Oňa başgaça plazmalemma (grekçe plazma – resmileşen we latynça lemma – miwäniň gabyjagy) hem diýilýär.
Plazmalemmannyň galyňlygy örän ýuka (40-10 nm) blsa hem ol dürli maddalaryň dykyz we çeýe gatlagyndan ybaratdyr. Ol, esasan fosfolipidlerden we lipoproteid beloklaryndan durýar. Lipid molekulalary membrananyň gurluşynyň esasyny düzýärler. Olar biri-birine ugurdaş iki gatlak bolup ýerleşýärler. Belok molekulalarynyň bir bölegi lipid gatlaklarynyň bir ýada iki tarapyndan bütewi bolmadyk gatlagy emele getirýär, käbir belok molekulalary bolsa lipid gatlagyna batyp durýarlar ýa-da onuň içined ýerleşýärler.
Haýwan öýjükleriniň membranasynyň daşynda glikoproteid tebigatly glikokaliks gatlagy emele gelýär. Ösümlik öýjüginiň membranasynyň daşynda bolsa pektin maddalaryndan ýa-da sellýulozadan ybarat öýjük gabyjagy ýa-da öýjük diwarjygy bolýar. Bulardan başga-da membranalarda we gabyjaklarda dürli hereket hem-de başga maksatlar üçin organoidler (ösüntgiler, kirpikjagazlar, guýrujaklar, gyldyrganjyklar, tikenler, tikenekler) we maddalaryň gatlaklary (dürli duzlaryň kristallary, kutin, hitin gatlaklary, mum gatlagy) emele gelip bilýär.
Plazmatiki membranananyň esasy wezipeleriniň biri öýjük bilen daşky gurşawyň arasynda madda çalşygyny amala aşyrmak we saklamakdyr. Bu wezipe membrananyň gurluşynyň we geçirijiliginiň özboluşlylygyna esaslanandyr. Membrananyň üsti tutuş bolman, onda köp sanly maýdajyk deşijekler – poralar (grekçe poros – deşik, ötelge) bar. Poralar ösümlik öýjüginiň daşky gabyjagynda (diwaranda) hem bolýarlar. Emma olaryň öýjükleri bireleşdiriji we maddalary gönümel geçiriji häsiýeti bolýar.
Medisine robotyYsraýylly alymlar diametri bary-ýogy 1 milimetr bolan medisina robotyny oýlap tapdylar. Bu robot adamyň wenasynda ýa-da arteriýasynda hereket edýär we ol rak keselini bejermekde kömek edip biler. Robotyň haçan öz işine başlajakdygy häzirlikçe belli däl. Bu robot ilki bilen birnäçe lukmançylyk testlerinden geçmeli bolar. Barlaglardan şowly geçen soň bolsa ol hassahanalarda ulanylyp başlanar.
Aslynda ýaponlaryň sarp edýän balyk öümleri et önümlerine garanyňda iki essedenem köpdür. günbatar ýurtlarynda bolsa, bu bütinleý tersine. Ylaýta-da ýagly balyk iýmit her hili düwnük kesselleriniň, ýürek-damar hassalyklarynyň we osteoporozyň töwekgelçiligini azaldýar. Ýaponlaryň iýýän beýleki bir üýtgeşik iýmitleri bolsa suwotulardyr. Dünýäniň iň uzak ýaşly adamlary Okinawa adasynda 100 ýaşa ýeten okinawlylaryň arasynda gereginden artyk agramlaryň sany 1 göterimdenem has azdyr. Okinawalylar her gezek naharlanjak bolanlarynda "hara haçi bu" diýen atalar sözüni gaýtalaýarlar. Bu "doly doýmankam, nahardan çekilmelidirin" diýmegi aňladýar.
Täze barlaglar jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň gadagan edilmeginiň, ýürek bilen baglanşykly keselleriň azalmagyna getirendigini babatda täze netijeleri ýüze çykardy. Şotlandiýada geçirilen barlaglar gadagançylyk güýje girip başlanyndan soňky ýylda ýürek keselleri zerarly hassahanalarda bejergi alýanlaryň sanynyň 17 göterim azalandygyny mälim etdi. Barlag işleri gadagançylygyň güýje girmezinden öňki we güýje gireninden soňky ýyllarynda Şotlandiýadaky meşhur hassahanalarynyň dokuzsynyň hassa kabul ediş kartoçkalary esasynda geçirildi. Gadagançylykdan öňki on ýyllyk wagtyň dowamynda bolsa ýürek bilen baglanşykly keselleriň ýyllyk azalşynyň bary-ýogy 3 göterimdigi mälim edildi. "Daily Mailin" habaryna görä, Şotlandiýada geçirilen barlaglarda, gadagançylygyň geçen ýylyň Nowruz aýynda güýje girizilip başlanyndan soňra, çilim seýrek çekýänleriň 40 göteriminiň azalandygy hem bar.
Howa salkynlady dümewlemejek boluň!Öte yssy günlerden soň, birden aralaşan salkyn howa özi bilen ençeme näsaglyklary bile alyp gelýär. Yssa öwrenişen ynsan bedeni howanyň birden 5-6 dereje pese düşmegi birbada uýgunlaşyp bilmeýär. Howanyň birden üýtgemegi bedende birahatlyk döredýär. Hünärmenler şeýle howada sowuklama, dümew ýaly keselleriň ýüze çykmagyny belläp, ýuka egin-eşikleri eşik gaplara salmagy maslahat berýär. Turkiýäniň Keçioren bilim we barlag hassahanasynyň ýokanç keseller şypahanasynyň hünärmeni doc. Jemil Gül salkyn howalarda ylaýta-da çagalaryň sowuklama, dümew, bokurdak agyry ýaly kesellere ýolukmak ähtimallygynyň artýandygyny belläp, "Mekdebe gidýän çagalara dümew sanjymyny etdirmek olaryň dümewleme töwekgelçiligini azaldar" diýýär. Doc.. Gül dümewlemezlik, sowuklamazlyk üçin ululara-da howanyň ýagdaýyna görä, egin-eşigini kem-kemden galňatmagy maslahat berýär. Gül hatda howa yssyrak bolan halatynda hem galyň egin-eşigi ýanyňdan goýmaly däldigini belleýär. Lukman sowadyjydan doňan ýa öte sowuk suw içmek möwsüminiň yzda galandygyny belläp, ýatylan wagty hem galyňrak ýapynjalary ýapynmagy unutmazlygy maslahat berýär.



