DEM ALMA SAKLANANYNDA ILKINJI KÖMEK
DEM ALMA SAKLANANYNDA ILKINJI KÖMEK
1. Horluk çekeni ýerinden süyşürmaň janynyn bardygynyn alamatlaryny anyklan.
2. Tiz kömegi çagyrmaga yagdayy bolanlary gaty ses bilen gygyryp kömege çagyryn.
3. Horluk çekeni seresaplyk bilen arkanlygyna öwüriň.
4. Eger-de kellede ya-da boyunda şikesin yokdugyna şübhe yok bolsa,dem alyş yollarynyň geçirijiligini üpjün etmek ücin horluk çekeniň kellesini arkanlygyna gayşardyň.
5. Dem almanyň bardygyny anyklamak üçin doly 5 sekundyn dowamynda gorüş,eşdiş we syzyş gözegçiligini geçiriň.
6. Agyzdan doly 2 dem bermäni ediň:
Horluk çekeniň alkymyny sähelçe galdyryp,kellesini arkanlygyna gayşardylan ýagdaýynda saklaň.
Burnynyň deşiklerini başam we suýem barmaklaryňyz bilen jebis gurşaň.
Her biriniň dowamlylygy 1-1,5 sekund bolan doly 2 dem bermäni ediň.
7. 5-10 sekundyň dowamynda pulsyň bardygyny barlaň.
8. Kim-de bolsa birini tiz kömegi çagyrmaga ugradyň.
9. Emeli dikeldiş dem bermäni(öýkeni emeli yelejiretmekligi)
geçirmekligi gaýtadan girişin:
Horluk çekeniň alkymyny sähelçe galdyryp,kellesini arkanlygyna gayşardylan yagdayynda saklaň.
Burnuyň deşiklerini başam we süýem barmaklaryňyz bilen
jebis gursaň.
Horluk çekeni agzyny dodaklarynyz bilen jebis gursaň.
Her bäşinji sekundda 1dem bermäni ediň.
Deminiň bardygyny barlaň.
10. 5-10 sekundyň dowamynda pulsynyň bardygyny yene bir gezek
barlaň.Eger horluk çekeniň pulsy duyulyan yagdayynda demi yok bolsa,
emeli dikeldiş dem bermäni geçirmekligi dowam edin.Eger-de
mundan soň hem pulsy yok bolsa,yürege göni bolmadyk owkalamany we emeli dikeldiş dem bermäni(ýürek-öyken jenagetirijini)gecirmekligi başlaň.http://iatp.edu.tm/ilkinjikomek/pages/demalmasaklanamdailkinjikomek.html

