AIW näme ? AIW - adamyň immuno defisitiniň wirusy. wiru durymly däl , diňe adamyň bedeninde ýygnanmaga we köpelmäge ukyply, adamyň bedeninden daşary düşse çalt ölýär. Immmun defisit bu adam bedeniniň gorag (immun) ulgamynyň şeýle ýokary derejede bozul,agy bolup , onuň hiç bir kesele garşy , hatda iň bir ýonekeý kesele garşy hem göreşmäge ukyby bolmaýar.

AIDS näme ? AIDS - adam immunodefisitiniň sindromy. Sindrom - aýratyn keselleri we ýagdaýlary tapawutlandyrýan birnäçe alamatlar we simptomlar. Emele gelen - ýagny dogabitdi däl - de , durmuşyň dowamynda ýa-da doglan wagtynda emele gelen. Immun - adamyň immun ulgamyna degişli kesel. Defisit - haýsydyr bir zadyň ýetmezçilik etmegi.

AIDS ýaraýança on ýyldan hem köp wagtyň geçmegi mümkin. Haçanda damlar AIDS bilen kesellänlerinde , olaryň gorag ulgamy ep -esli gowşaýar. Netijede olar soňy ölümli gutarýan her dürli kesellere duçar bolujy bolýarlar. Diňe lukman we ganyň ýörite derňewleri adamynyň ýokianç alandygyny ýa-da almandygyny anyklap bilerler. Eger-de sizde AIW bilen ýokanç alandygyňyza ubhe bar bolsa , lukman bilen , saglygy goraýyş guramalaryň saglygy goraýşyň AIDS -iň meseleleri bilen meşgullanýan işgärleri bilen maslahatlaşýň.AIW howa boýunça ýaýramaýar. Kä halatlarda AIW tüýkýlikde hem bolýar, emma ol tüýküligiň üsti bilen geçirilmeýär, sebäbi durnukly däl we adam agzasyndan daşardaky ýagdaýda derrew weýran bolýar. Sypjyrylmadyk , kesilmedik we ýarasyz sagdyn deri bedende mörjewlwriň düşmeginiň öňüni alýar we AIW bilen zäherlenmekden goraýar.

Gyzyl lentajyk - eşige temençe bilen berkidilen gyzyl lentajygy - bu AIDS - e garşy göreşiň halkara nyşanydyr. Ony dünýä ýüzünde köp sanly meşhur adamlar we adaty adamlar guwanç bilen eşiklerine dakynyp gezýärler.

BELLI ZAT : Bu wirus AIW bilen zäherlenen adamlaryň döli, aýallaryň jyns agzasyndan bölünip çykýan suwuklygy ýa-da ýokanç alanlaryň gany bilen geçirilýär.Ýokuşma alnan ýagdaýynda AIW bedeniň goragyna jogap berýän öýjükleri heläkleýär. BU öýjükleri bolmasa, adamynyň bedeni özçni gorap bilmäýär, şonuň üçin ýokanç bedene bökdençsiz çeçýär. AIW adam bedeniniň öýjükleriniň bir bölegine öwrülýär. Wirus bu öýjüklerde gizlinlikde bolup we haýallyk bilen hereket edýän bomba ýaly hereket edip biler.

 

AIW

 

Adamyň bedenine AIW nähili geçýär.

 

http://iatp.edu.tm/stopaids/aidbarada.htm