çakyr arakhorlugy

Arak alkogolizminden tapawutlylykda bu alamaty kesgitlemek kyn.Näsaglarda serhoşluk we aýdyň döwürlerde kompulsiw çekijilik bolmaýar. II-döwür üçin palimpsestler mahsus. Bu döwürde ýakynlary bilen gatnasygy bozulmaýar. Gaharjaňlyk "erbet hasiýeti" üçin aýalyny aýyplamak, çakyr alkogolizmli näsaglarda bolmaýar. Abstinent däwründe günakarlik, öz-özüni aýyplamak duýgusy agdaklyk edýär.Serhoşluk döwründe agressiwlik ýüze çykyp biler.
çakyr alkogolizmiň III döwründe umumy psihofiziologiki surnukmak, aýdyň stimulyator, eyforiki, effektiniň göterijiligiň peselmegi ýaly alamatlar arak alkogolizminiň III döwrüne gabat gelýär. şeýle hem abstinent sindromy ýüze çykýar. Gowşaklyk, adinamiýa, ýürek-damar tonusynyň peselmegi (prekollaptoit ýagdaý, kollaps), muskullaryň gipotoniýasy, bagryň, iýmit siňdiriş ulgamynyň ýiti disfunksiýalary aýdyý ýüze çykýar.
çakyry ulanyp başlandan soň 5-7 ýyldan soň sistematiki ulanmaklyga geçip bilýär. çakyry sistematiki ulanmaklyk-6-10 ýyldan soň alkogolizmiň I-döwrüne getirip biler. çakyr alkogolizminiň I-döwrüniň dowamlylygy 9-15 ýyl. /arakda 1-4 ýyl/. II-döwrüniň dowamlylygy 11-15 ýyl. III-döwrüniň dowamlygyny kesgitlemek mümkin däl. Umumylykda çakyr alkogolizminiň dowamlylygy 35-ýyldan az däl. çakyr alkogolizmde soňlugy bilen ýüregiň gipertrofiýasy, miokardiodistrofiýa, käwagtlar arteriýal gipertenziýa ýüze çykyp biler. Newrologiki statusda- öňe uzadylan eliniň barmaklarynyň, gabaklarynyň, diliniň, tremory, Rombergiň ýagdaýynda yrgyldama, derlemeklik, wazopatiýa bellenilýär. Bu ýagdaýlaryň hemmesi 40-45-ýyldan soň ýüze çykýar.şonuň bilen bilelikde gepatit, holesistit, giperasid gastrit, aşgazan başy (ýazwa) duş gelýär
.
Ulanylýan alkogol içginiň gornüsi intoksikasiýada serhoşlugyň we özüni alyp barsyn häsiýetini kesgitleýar, eger-de çenden aşa ulanylanda bolsa alkogolizmiň kliniki alamatlarynyň ýüze çykyş wagtyny, geçişini wesomatonewrologiki gaýraüzülmeleriniň aýratynlyklaryny kesgitleýär.
çakyr alkogolizmiň I-döwründe esasy alamaty bu doýmak we ýigrenç duýgysynyň bolmagyndan ýokary mukdarda gunde çakyry ulanmakdyr.
çakyr alkogolizmiň II-döwründe abstinent sindromy emele gelýär.
Esasy alkogol içgileriniň sanawy
Içginiň ady Maýalyk maddasy Gradusy (goterimi)

Piwo- ýarylan arpa 4-7%
şerap - üzüm suwy 15-20%
Konýak - üzüm suwy 40-50%
Likýor - garyşyk miweler 40-50%
Raki - üzüm, injir 40-50%
Jin - arça oty 40-50%
Arak - kortoşka we başga 67%

Wiski - ýarylan däne 65-70%

Arakhorlugyň täsir basgançaklary


1. Ruhy işjeňligi : gandaky alkogol derejeşi 0,05 (bu dereje alkogol aç garyna içilen iki çüýşe piwodan güýçli bolup biler). Oňi bilen diňe ynsana mahsus bolan özünňi alyp barmanyň, ýüz tutmalaryň in ýokary derejesi hasaplanýan ruhy hereketleriň isjeňlige zyýany ýeter. Matematik hasaplary ýalňyş işleýär. Netijeleri we kararlary ýalňyşdyr. Dykgaty, ünsi peselýär. ýatkeşligi bozulýar. Duýýan sesleri hakyndaky beren kararlary ýalňyşdyr. Edepliligi azalýar. Köpçülik ýerlerinde utanmazdan arkaýyn we açyk ýagdaýda peşew edip biler.
2. Fiziki isjenligi: gandaky alkogol 0,1% bolanda,beyniniň aşaky bölumine we yzdaky motor bölümlerine täsir eder. Beýnijige täsir edýär. Myşsalaryň kadalylygy bozulýar. şonuň üçin şahs durnukly ýöräp bilmez. Dil myşsalarynyň kadaly islemeýänligi sebäpli boguk we düşnüksiz gepleýär. Görüş analizatory üýtgeýär.ýöremekligiň ýany bilen ylgamak, we beýleki atletiki başarnyklary bozulýar.
3. ýaşaýyş işjeňligi: ganda alkogol derejesi 0.5% ýa-da ondan artyk bolsa, onda alkogol beýni sapyna täsir eder. Dem alyş we gan aýlanyş merkezleriň ysmazlygy ýüze çykyp adam alkogol zäherlenmesinden ölüp biler.

 

http://iatp.edu.tm/lukmandz/cakyrarakhorlugy2.htm