SURROGAT ARAKHORLUGY
SURROGAT ARAKHORLUGY
Alkogolyň surrogatlaryna dürli himiki gurluşy we dürli zatlar üçin niýetlenen , serhoş bolmak maksady bilen ulanylýan suwuklar degişli .
Alkogolyň surrogatlary hökmünde dürli spirt saklaýan suwuklyklar ulanylýar , bejeriş spirtli erginler daşky ulanyş ucin niýetlenen derman serişdeleri tehniki suwuklyklar onümçilik himiýanyň serişdeleri , kosmetiki serişdeler . Surrogatlar bilen serhoşluk ýagdaýynda çalt stuporoz ,soporoz soňlugy bilen komatoz ýagdaý döreýär . Intoksikasiýalar kelle beýniniň ojaklaýyn bozulmagy , gan aýlanşynyň we dammar tonusynyň bozulmagy ýiti dammar we dem alyş ýetmezçiligi bilen geçýär.
Surrogat alkogolizmiň bir görnüşi dürli iymit we tehniki spirtleri aşa ulanylanda ýüze çykýan spirtli alkogolizm bolup durýar . Köplenç praktikada spirtli alkogolizmiň gaýraüzülmeleri duş gelýär.
Surrogat alkogolizmiň görnüşlerine pes hilli yasalan çakyrlary aşa ulanylanda ýüze çykýan çakyrlary aşa ulanylanda ýüze cykýan alkogolizm degisli. T.N.Dudko , W.N.Sybskaya (1984 ) alkogol deliriý geçiren iki topar näsaglary deňeşdirdiler : ordinar çakyr ulananlar (esasy) we güýçli alkogol içgi ulananlar (kontrol) . Geçirilen somatiki keselleriň içinde çakyr arakhorly näsaglarda köplenç gepatit, botkin keseli , ýürek-damar ulgamynyň keselleri we dem alyş agzalarynyň keselleri duş gelýär . şeýle hem, polinewrit , wegetatiw disfunksiýa , ojaklaýyn serebral alamatar , beýni gan aylanşynyň dinamiki bozulmalary çakyr arakhorlugynda ýygy duş gelýär . Umumy populýasiýaly arakhorlukda näsaglarda kelle-çanak -beýni şikesleri ýygy duşýar .
Iki topar näsaglarda hem II-III döwürli arakhorluk anyklandy . Esasy we control toparyň näsaglarynda II-döwrüň dowamlylygy 1-10 ýyl , III-döwürde ýyldan geçmeýär . Alkogol deliriy - arakhorluk keseli başlandan soň 6-we köp ýyldan soň ýüze çykdy .ýöne deliriy we onuň gaýraüzülmeleri öýkeniň , kelle beýniniň ýiti çeşmesi , ýyiti ýürek-damar ýetmezçiligi ýygy duşýar .
Somogon arakhorlugy surrogat arakhorlugyň bir gornuşi bolup , giň ýaýrandyr .
Somogon ýokary toksiki önüm bolup , bütin organizmde durnukly , gaýdymsyz üýtgemeler döreýär . Adam organizmine has zyýanly täsiri spirt turşamasynda emele gelýän "siwusnoýe maslo " bolup durýar . "siwusnoýe maslo " dürli zäherli galyndylary saklaýar : izopropil alkogoly , asetaldegit uksus -etil efiri , propel alkogol asetil , amil alkogoly , izobutil alkogoly , yag-etil efiri , furfurol. Eger etil alkogolyň zäherli täsirini 1-den diýip alsak , onda "siwusnoye maslo " üçin bu gorkeziji 19 , furfurol üçin 83 den .
Samogon arakhorlugynda ilkinji nobatda özüni alyp barşy üýtgeýär , bu bolsa social degradasiýa hakynda subut edýär : maşgalanyň ýitirilmegi , işinde konfliktler , çalt-çaltdan iş ýeriniň çalşylmagy , iş ýerinde serhoş bolmagy , intoksikasiýa ýagdaýynda asosial özüni alyp baryş .
Birnäçe aý serhoşlukdan soň aýdyň pohmel sindromy , fiziki çekijilik , intolerantlylyk emele gelýär . Içýäniň özi ücin duýdansyz stuporoz , disforiýa ýagdaýy emele gelip biler . Eger arakhorlukdan ejir çekýän , ilki adaty spirtli içgileri içip , soň samogon ýa-da başga surrogatlary ulanyp başlan bolsa , onda keselişň klinikasy başgaça geçýär . Ilkibada kontrol duýgusy ýitýär . şonuň bilen bilelikde näsaglar surrogatlary çalt ulanmaga başlaýarlar . Bu döwürde bolsa diňe bir mukdaryna we ulanyş wagtyna kontrollygy ýitmän , eýsem öz ýagdaýyna tankydy garaýşy peselýär . Adaty arakhorlukda abstinent sindromda wegetatiw ( tremor, derlegenlik , tahikardiya ) we psihiki ( gaygy paranoid ) bozulmalar aýdyň ýüze çyksa , samogon bilen döredilen pohmel sindromda psihiki bozulmalar aýdyň ýüze çykýar .
A.T.Filatowyn barlaglarynyň görkezisi boýunça samogon arakhorlugy has erbet we progrediýent hasiýete eýedir.
Beýleki surrogatlara (odekolon, losyon, dezodorant, antistatic , yelimler , arassalayjy serisdeler ) bilen ýüze çykýan arakhorluk . E.O. Krasik , N.P.Panyuskina we W.I.Gordenko tarapyndan ýazylan . Bu awtorlaryň gözegçiligi boýnça surrogatlary bir gezek az mukdarda ulanmak dürli derejeli stuporoz ýagdayý döredeýär . şeýle hem aşgazan içege ýollaryny gyjyndyrýar . Olarda yzygiderli serhoşluk emele gelýär , diňe surrogatlary ulanyp baslaýarlar . (surrogat abstinent sindromy
Adaty alkogol içgileri bilen aýrylmaýar ) . şeýle hem çalt ensefalopatiki bozulmalar , eksploziw distrofiki tipi boýunça psihopatiki bozulmalar we yatkesligiň bozulmagy ýüze çykýar .ýüze çykan psihozlar dowamly , çylsyrymly bolup , öz içine Kandinskiy-Klerambo sindromyny hem alýar .
Alkogolyň beýnä täsir ediş derejeleri.
1.On bölüm: Karar we öz-özüne erk barlag wezipeli merkez .Gandaky 0,01-0,10 %-li alkogolda täsiri ýeter . Bu san takmynan bir, iki bulgur arakdan ýa-da bir , iki çüýşe piwodan soň ýüze çykyp biler .
1. Başga düşer.
2. Utanyljak hereketleri eder .
3. Yasama bir keiplilige düşer .
4. Karar ,netijeleri nädogry bolar .
5. Hasaplary,sözlemleri ýalňyşdyr .
6. örän köp gürlar .
7. ünsi we ýatkeşligi azalar .
2. Gapdal bölümi: duýgularyň barlag we baglanyşyklarydyr . 0,10-0,30%-li alkogolda täsiri ýeter . Bu mukdar takmynan därt , bäş bulgur aragy ýa-da dört ,bäş çüýşe piwodan emele geler .
1. Duýgurlylygy kadadan çykar .
2. ýöreýşi üýtgär.
3. Dogry ýazuw ýazyp bilmez .
4. Sözleýşi üýtgäp, dili çolaşar.
3. Kelläniň ýeňse bölümi: görüş bilen bagly bolan merkezler .Ganda 0,20-0,30%-li alkogolda täsiri ýeter .
1. Reňkleri doly saýgaryp bilmez .
2. Bulaşyk we goşa görer .
3. Uzaklygy aýyl-saýyl etmez.
4. Beýnijik: deňagramlyk , durnuklylyk bilen baglanyşly wesipesi bolan merkez . Gandaky 0,15-0,30%-li alkogolda täsiri ýeter .
1. Durnuklylyk, deňagramlylyk ýiter.
2. Aýaklanmadyk köşek ýaly , ýykylma , süýrenme, enträp ýörär .
5. Talamu we beni: Dem alyş we gan aýlanyş barlagy bilen bagly bolan merkez .Gandaky 0,25-0,50%-li alkogolda tasiri yeter .
1. Duýgusyzlyk.
2. Dem alyş we gan aýlanyş we iýmit siňdiriş astynda galar.
3. Uyuçylyk we özünden gitmek.
4. Organizmiň gipotermiýasy.
5. Sök we ölüm.
http://iatp.edu.tm/lukmandz/surrogat.htm